16-njy bap
1 Men size bu zatlary imandan dänmezligiňiz üçin aýtdym. 2 Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder. 3 Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler. 4 Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz.
Mukaddes Ruhuň hyzmaty
Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim. 5 Indi bolsa Men Özümi Ibereniň ýanyna gidýärin. Siziň hiç biriňiz Menden: «Nirä gidýärsiň?» diýip soramaýarsyňyz. 6 Muňa derek bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgy-gama batdy. 7 Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin. 8 Hemaýatçy gelen wagty dünýäniň günä, adalat we höküm babatda nähakdygyny subut eder. 9 Günä baradaky hakykat şundan ybarat: adamlar Maňa ynanmaýarlar. 10 Adalat babatda bolsa, Men Atamyň ýanyna gidýärin we mundan beýläk siz Meni görmersiňiz. 11 Höküm babatda aýtsam, bu dünýäniň hökümdary şeýtan höküm edilendir. 12 Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, emma mundan artygy aňyňyza sygmaz. 13 Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder. 14 Ol Meni şöhratlandyrar, sebäbi Menden eşiden zatlaryny size aýan eder. 15 Atamyň ähli zatlary Meniňkidir. Şonuň üçin Menden eşiden zatlaryny size aýan eder diýdim. 16 «Az wagtdan soň siz Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz».
Gaýgyňyz şatlyga öwrüler
17 Şonda Isanyň käbir şägirtleri biri-birine: «Onuň: „Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz“, şeýle hem: „Men Atamyň ýanyna gidýärin“ diýen sözleri näme aňladýarka?» diýişdiler. 18 Olar sözüni dowam edip: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz diýdigi nämekä? Onuň näme diýmekçi bolýanyna biz-ä düşünmeýäris» diýdiler. 19 Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi? 20 Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler. 21 Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar. 22 Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez. 23 Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. 24 Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar. 25 Men bu zatlary size tymsallar arkaly aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Atam barada aç-açan gürrüň bererin. 26 Şol gün Atamdan Meniň adym bilen özüňiz dilärsiňiz. Meniň siziň üçin Atamdan dilemegimiň hajaty bolmaz. 27 Çünki Atamyň Özi sizi söýýär, sebäbi siz Meni söýüp, Meniň Hudaýdan gelendigime ynandyňyz. 28 Men Atamyň ýanyndan gaýdyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni taşlap, Atamyň ýanyna barýaryn». 29 Isanyň şägirtleri Oňa: «Ine, indi Sen hiç bir tymsalsyz, açyk sözleýärsiň. 30 Seniň ähli zatlary bilýändigiňe biz indi düşündik. Saňa sorag bermegiň geregi ýok. Indi biz Seniň Hudaýdan gelendigiňe ynanýarys» diýdiler. 31 Isa olara: «Indi çyndan ynanýarsyňyzmy? 32 Ine, wagt geler, eýýäm geldi hem, ähliňiz öýli-öýüňize dargaşyp gidersiňiz. Meni ýeke taşlap gidersiňiz. Emma Men ýeke däldirin, sebäbi Atam Meniň bilendir. 33 Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.