15‑nji bap
Üzüm agajy we şahalar
1 Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr. 2 Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar. 3 Meniň size aýdan sözüm arkaly siz bireýýäm tämizsiňiz. 4 Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. 5 Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. 6 Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar. 7 Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler. 8 Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar. 9 Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň. 10 Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz. 11 Men bu zatlary size şatlygyma şärik bolup, şatlygyňyzyň dolup-daşmagy üçin aýtdym. 12 Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň. 13 Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur. 14 Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz. 15 Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym. 16 Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. 17 Meniň size buýrugym şudur: biri-biriňizi söýüň.
Dünýä şägirtleri ýigrenýär
18 Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň. 19 Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär. 20 Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler. 21 Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar. 22 Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, olar günäkär bolmazdylar. Indi bolsa bilmändiklerini bahanalap bilmezler. 23 Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir. 24 Eger Men olaryň arasynda başga hiç kimiň başarmadyk gudratlaryny görkezmedik bolsam, günäde aýyply bolmazdylar. Indi bolsa eden gudratlarymy görseler-de, Meni hem, Atamy hem ýigrendiler. 25 Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir. 26 Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder. 27 Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz.