14‑nji bap
Isa – Hudaýa eltýän ýol
1 Isa ýene söze başlady: «Ýüregiňiz gussa batmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. 2 Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim? 3 Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz. 4 Siz Meniň barýan ýerime eltýän ýoly bilýänsiňiz». 5 Tomas Oňa: «Agam, biz Seniň nirä barýanyňy bilmesek, ýoly nireden bileli?» diýdi. 6 Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez. 7 Meni çyndan tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Indi Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz» diýdi. 8 Filip Oňa: «Agam, Atany bize görkez, bize şol ýeterlik» diýdi. 9 Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme? 10 Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Size aýdýan sözlerimi Men Öz-Özümden aýtmaýaryn. Tersine, Mende ýaşaýan Atam Men arkaly Öz işlerini edýär. 11 Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, görkezen gudratlarym üçin iman ediň. 12 Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn. 13 Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. 14 Hawa, Meniň adym bilen Menden näme dileseňiz, dilegiňizi berjaý ederin.
Isa Mukaddes Ruhy wada berýär
15 Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. 16 Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy, 17 ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar. 18 Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin. 19 Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz. 20 Şol gün Meniň Atadadygymy, siziň Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigime göz ýetirersiňiz. 21 Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin». 22 Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady. 23 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys. 24 Meni söýmeýän Meniň sözümi berjaý edýän däldir. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr. 25 Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn. 26 Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar. 27 Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň. 28 Size „Men gidip barýaryn, emma ýanyňyza gaýdyp gelerin“ diýenimi eşitdiňiz ahyryn. Eger siz Meni çyndan söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýändigime şatlanardyňyz. Çünki Ata Menden beýikdir. 29 Men size bu zatlar amala aşmazdan öň aýtdym, amala aşan wagty ynanarsyňyz. 30 Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur. 31 Emma dünýä Meniň Atany söýýändigimi, Atanyň Özüme näme buýran bolsa, şony berjaý edýändigimi bilmelidir. Hany, turuň, bu ýerden gideliň».