18‑nji bap
Isa tutulýar
(Matta 26:47-56; Mark 14:43-50; Luka 22:47-53)
1 Bu zatlary aýdyp bolansoň, Isa şägirtleri bilen Kidron deresinden geçip, ol ýerdäki zeýtun bagyna girdi. 2 Şägirtleri bilen Isa şol ýerde ýygy-ýygydan duşuşyp durýardy. Şoňa görä, Oňa haýynlyk eden Ýudas hem ol ýeri bilýärdi. 3 Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy. 4 Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilýärdi. Şonuň üçinem öňe çykyp, olardan: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. 5 Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Şol Mendirin» diýdi. Oňa haýynlyk eden Ýudas-da olar bilen durdy. 6 Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar. 7 Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar: «Nasyraly Isany» diýdiler. 8 Isa olara: «Men size „Şol Mendirin“ diýdim ahyryn. Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi. 9 Isa muny «Maňa berenleriňden hiç birini ýitirmedim» diýen sözleriniň berjaý bolmagy üçin aýtdy. 10 Şol wagt Simun Petrus gylyjyny gynyndan çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy. 11 Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi. 12 Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar. 13 Ony ilki Hananyň ýanyna alyp bardylar. Hanan şol ýyl baş ruhany saýlanan Kaýafanyň gaýynatasydy. 14 Halk üçin bir adamyň ölmegi bähbitlidir diýip, ýahudylara maslahat beren hem Kaýafady.
Petrus Isany inkär edýär
15 Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdiler. Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolansoň, ol Isa bilen bile baş ruhanynyň howlusyna girdi. 16 Ýöne Petrus daşarda, gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşary çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içeri saldy. 17 Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Senem bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. 18 Howanyň sowuk bolany üçin hyzmatkärler we garawullar ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.
Baş ruhany Isany sorag edýär
(Matta 26:59-66; Mark 14:55-64; Luka 22:66-71)
19 Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri we taglymaty barada soraýardy. 20 Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym. 21 Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora. Olar Meniň näme diýenimi bilýändirler» diýdi. 22 Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi. 23 Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, munuň nädogrudygyny subut et. Eger dogry aýdan bolsam, onda näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi. 24 Onsoň Hanan Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi.
Petrus Isany ýene inkär edýär
(Matta 26:71-75; Mark 14:69-72; Luka 22:58-62)
25 Simun Petrus ol ýerde oda çoýunyp durdy. Ondan: «Senem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip soradylar. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi. 26 Ol ýerde baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri Petrusyň gulagyny kesen adamyň garyndaşydy. Ol hyzmatkär: «Men seni bagda Onuň bilen bile görmedimmi näme?» diýdi. 27 Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy.
Isa Pilatyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-31; Mark 15:1-20; Luka 23:1-5,13-25)
28 Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler. 29 Şeýlelikde, Pilatyň özi olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady. 30 Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler. 31 Pilat olara: «Beýle bolsa, Ony äkidiň-de, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryberiň» diýdi. Ýahudylar Pilata: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler. 32 Bu Isanyň Özüniň nähili ölüm bilen öljekdigi barada öňden aýdan sözleriniň berjaý bolmagy üçindi. 33 Onsoň Pilat ýene öz jaýyna girdi-de, Isany çagyryp, Ondan: «Sen ýahudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. 34 Isa ondan: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa-da Men hakda saňa başgalar aýtdymy?» diýip sorady. 35 Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi. 36 Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Eger Meniň Patyşalygym bu dünýäden bolsady, onda hyzmatkärlerim Meni ýahudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler. Emma Meniň Patyşalygym başga ýerdendir» diýdi. 37 Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi. 38 Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady.
Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. 39 Emma siziň bir adatyňyz bar, şol adat boýunça her ýyl Pesah baýramynda men bir adamy tussaglykdan boşadýardym. Indi siziň üçin ýahudylaryň Patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi. 40 Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.
Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.