13‑nji bap
1 Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.
Butparazlygyň we ýalan pygamberligiň soňy
2 Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn. 3 Eger kimdir biri ýene pygamberlik edäýse, ata-enesi oňa: «Sen diri galmarsyň, sebäbi Rebbiň adyndan ýalan sözleýärsiň» diýer. Ol pygamberlik edende, ata-enesi ony pyçaklar. 4 Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez. 5 Ol: «Men pygamber däl, men – daýhan. Ýaş wagtym biri meni gul edip satyn alypdyr» diýer. 6 Eger ondan: «Döşüňdäki ýaraň näme?» diýip sorasalar, ol: «Bu dostlarymyň öýündekäm boldy» diýip jogap berer.
7 Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna!
Oýan ýakynymyň garşysyna.
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar.
Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.
8 Tutuş ýurduň,
üçden ikisi gyrlyp heläk bolar,
üçden biri diri galar.
Muny Reb aýdýandyr.
9 Şol galan üçden birini otdan geçirerin,
olary kümüş kimin saplaryn,
altynyň barlanyşy ýaly synaryn.
Olar Maňa dileg ederler,
Men olara jogap bererin,
«Bu – Meniň halkym» diýerin;
Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.