2‑nji bap
1 Toplan, eý, utançsyz millet!
2 Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň,
Rebbiň gahar-gazaby üstüňize inmezden öň,
Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!
3 Rebbiň emrlerini berjaý edýän
ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň,
dogruçyllygy we pespälligi agtaryň.
Belki, Rebbiň gazap gününde
gizlenip saklanarsyňyz.
Reb piliştlilere jeza berýär
4 Gaza boşap galar,
Aşkelon haraba döner,
Aşdot günorta çaglary kowlar,
Ekron-da köki-damary bilen sogrular.
5 Deňiz ýakasynda ýaşaýan
Keret halkynyň dat gününe!
Eý, Kengan, piliştliler ýurdy,
Reb seniň garşyňa şeýle diýýär:
«Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».
6 Deňiz ýakasyndaky ýurduňyz
çopan örülerine,
süri agyllaryna döner.
7 Ýahudanyň aman galanlary ýurdy eýelärler,
olar örüde sürülerini otararlar,
agşamyna Aşkelon şäherinde ýatarlar,
Hudaýy Reb olary ýatlap,
öňki abadançylyklaryny gaýtaryp berer.
Reb Mowap bilen Ammona jeza berýär
8 «Halkymy masgaralap,
olaryň ýurdunda men-‑menlik eden Mowabyň kemsitmelerini,
Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim».
9 Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb
Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär:
«Mowap halkyny Sodom kimin,
Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn!
Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup,
baky haraba öwrülerler.
Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar,
gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».
10 Olaryň tekepbirligi zerarly şeýle jeza berler,
çünki olar Hökmürowan Rebbiň halkyny kemsidip,
olara garşy men-menlik etdiler.
11 Reb olaryň ýüreklerini ýarar!
Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder,
öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.
12 Reb: «Eý, Efiopiýa halky,
senem Meniň gylyjymdan ölersiň» diýýär.
13 Reb demirgazyga garşy el galdyrar,
Aşury ýok eder,
Ninewäni harabalyga,
çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.
14 Ninewe mal-garalaryň ýatagyna,
dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler.
Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar,
penjirelerden uwlaşarlar,
bosagalaryň öňi weýran bolar,
kedr pürsleri duw-dagyn ediler.
15 Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap:
«Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir.
Gör, ol nähili haraba bolup,
wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi.
Gapdalyndan geçýän her kes
ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.