8‑nji bap
Bir sebet miwe
1 Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy. 2 Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn. 3 Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler.
Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar.
Ümsüm boluň!»
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
4 Eşidiň muny,
mätäçleri depgiläp ezýänler,
ýurduň garyplaryny heläk edýänler!
5 Siz diýersiňiz:
«Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys;
Sabat güni basym ötsedi,
bugdaýmyzy bazara çykararys.
Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp,
galp terezi bilen adamlary aldarys.
6 Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp,
garyplary kümşe,
mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys».
7 Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi:
«Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn.
8 Bu işler üçin ýer sarsmajakmy?
Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy?
Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar,
Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Şol gün şeýle bolar:
Günortan çagy güni batyraryn,
gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.
10 Men siziň baýramyňyzy ýasa,
aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin.
Her bile jul guşagyny guşadaryn,
her başyň saçyny syrdyraryn.
Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin,
onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».
11 Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär:
«Şeýle günler geler,
Men ýurda açlyk ibererin.
Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de,
Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar.
12 Rebbiň sözüni agtaryp,
ynsanlar deňizden-deňze,
demirgazykdan gündogara entärler.
Olar ol ýerden bu ýere ylgaşarlar,
emma ony tapyp bilmezler.
13 Şol gün gözel gyzlar we ýaş ýigitler
teşnelikden huşuny ýitirerler».
14 Samariýanyň günäsinden ant içip:
«Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän,
Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler
ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.