6-njy bap
Ysraýyl weýran edilýär
1 Dat günüňize, eý, Sionda* asuda ýaşaýanlar,
Samariýa dagynda howpsuz oturanlar,
ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan
iň beýik milletiň meşhur adamlary!
2 Kalne şäherine geçip görüň,
ol ýerden beýik Hamada gidiň.
Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň,
olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka?
Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?
3 Eý, siz bela gününi uzak saýyp,
zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!
4 Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar,
düşekleriniň üstünde meýmiränler,
sürüden saýlama guzulary,
baga bakylan göleleri iýýänler!
5 Özlerini Dawut ýaly saýyp,
saz gurallaryny oýlap tapýanlar,
arfanyň owazyna aýdym aýdýanlar,
6 şakäseden şerap içýänler,
üstlerine iň oňat atyr sepýänler,
Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar,
halyňyza waý!
7 Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler,
kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.
8 Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär:
«Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn,
onuň galalaryny ýigrenýärin,
içindäki ähli zady bilen bile
şäheri duşman eline bererin».
Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.
9 Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler. 10 Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.
11 Ine, Reb şeýle buýurýar:
«Uly jaýlar toza,
kiçi jaýlar küle dönsün.
12 Atlar gaýanyň üstünde çaparmy?
Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi?
Emma siz adalaty zähere,
dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.
13 Siz Lodebarda* puç zada şatlanyp: „Karnaýymy* öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.
14 Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky,
saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak.
Olar Lebohamatdan
Araba düzlügine çenli seni ezerler».
Muny Reb Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.