13‑nji bap
Rebbiň gazaby
1 Efraýym geplände, adamlar titreşdi.
Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi.
Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.
 
2 Indi günä üstüne günä edýärler.
Kümüşden özlerine butlar edinýärler.
Butlar ussatlyk bilen ýasalýar.
Hemmesi ussanyň işidir.
Adamlara: «Gurbanlyk etsinler!
Göleleri öpsünler» diýýärler.
 
3 Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly,
basym guraýan çyg ýaly,
harmandan sowrulýan harpyk dek,
tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.
 
4 «Seni Müsürden çykaran
Hudaýyň Reb Mendirin.
Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň.
Menden başga halasgär ýokdur!
 
5 Çölde, gurak toprakda
saňa göz-gulak bolan Mendirin.
 
6 Meniň naharymdan, olar doýdular.
Doýandan soň olar tekepbir boldular.
Soň olar Meni unutdylar.
 
7 Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn.
Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda,
bukuda garaşaryn.
 
8 Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn,
olaryň döşüni çekelärin.
Ene arslan kimin olary iýip gutararyn.
Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.
 
9 Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl.
Kim saňa kömek eder?
 
10 Seni halas eder ýaly,
seniň patyşaň nirede?
Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň.
Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?
 
11 Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim.
Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.
 
12 Efraýymyň etmişleri baglandy.
Günäleri saklanyp goýuldy.
 
13 Ol akylsyz oguldyr.
Burgy azaby başlanda –
wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.
 
14 Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary?
Olary ölümden halas etmäýinmi?
Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň?
Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň?
Nazarymdan rehimi aýraryn.
 
15 Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da,
Gündogardan epgek,
çölden Rebbiň ýeli öwser.
Onuň çeşmesi kesiler,
guýusy gurap galar.
Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».