3‑nji bap
Hoşeýa ýene-de wepasyz aýal alýar
1 Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin». 2 Men aýaly on bäş kümüş teňňä we on bäş batman* arpa satyn aldym. 3 Men aýala şeýle diýdim: «Sen maňa uzak garaşmaly, sen başga bilen azgynçylyk etme. Men hem saňa ýakynlaşmaryn». 4-5 Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.