17‑nji bap
Iki bürgüt we üzüm agajy
1 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna bir matal ber, bir tymsal aýt. 3 Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý:
„Uly ganatly, uzyn ýelekli,
dürli reňkli mymyk tüýlerden doly,
äpet bürgüt Liwana gonup,
kedr agajynyň depesini eýeledi.
4 Agajyň ýokarky şahasyny ýolup,
söwdagärleriň ýurduna getirdi,
täjirleriň şäherinde ýerleşdirdi.
5 Onsoň ýurduň tohumyndan alyp,
ony hasylly meýdanda ekdi,
bol suwlar ýakasynda ýerleşdirip,
söwüt agajy kimin oturtdy.
6 Ol gögerip, pessejik boýly ýaýraň
üzüm agajyna öwrüldi,
şahalary özüne tarap egildi,
kökleri öz astyndady.
Şeýdip, bu üzüm agajy boldy,
şahalady, pudak çykardy.
7 Uly ganatly we köp ýelekli
başga bir äpet bürgüt bardy.
Ine, ýaňky üzüm agajy
öz ekilen keşinden
oňa tarap köklerini egreltdi.
Suwarsyn diýip,
şahalaryny oňa tarap sallady.
8 Ol şahalap, miwe berip,
oňat üzüm agajy bolar ýaly,
bol suwlar ýakasyndaky
hasylly meýdanda ekilipdi“».
 
9 Ysraýyla Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý:
«Ol üzüm şahasy boý alyp ösermi?
Birinji bürgüt täze baldaklary gurasyn diýip,
köklerini sogurmazmy, miwesini ýolmazmy?
Kökünden sogurmak üçin güýçli gol
ýa-da beýik goşun gerek bolmaz ahyryn.
10 Ol ekilse-de, boý alyp ösermi?
Gündogar şemaly uranda
bütinleý guramazmy?
Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»
 
11 Onsoň maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 12 «Indi pitneçi halka: „Siz bularyň nämedigini bilmeýärsiňizmi?!“ diý. Olara şeýle diý: „Ine, Babyl patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny we han-beglerini Babyla äkitdi. 13-14 Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçigöwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi. 15 Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy? 16 Içen antyna biperwaý garandygy, eden ähtini bozandygy üçin Öz barlygymdan ant içýärin: ol özüni patyşa edip, tagtda oturdan patyşanyň mekany bolan Babylda öler. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. 17 Babyllylar köp janlary gyrmak üçin berkitmeler salyp, ýapgytlar guranlarynda, güýçli goşuny we uly ýygny bolsa-da, faraon oňa söweşde ýardam etmez. 18 Ol eden ähtini bozdy, içen antyna biperwaý garady; ol söz beren hem bolsa, bu işleri etdi; indi ol gutulmaz“». 19 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz barlygymdan ant içýärin! Men ol tarapdan biperwaý garalan antymy we bozulan ähtimi onuň öz başyna getirerin. 20 Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer, onsoň Babyla getirip, Maňa eden dönükligi sebäpli oňa höküm çykararyn. 21 Onuň ähli gaçgak esgerleri gylyçdan geçiriler we aman galanlary çar tarapa dargadylar. Onsoň siz muny Men-Rebbiň aýdandygymy bilersiňiz».
22 Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Kedr agajynyň depesinden
bir şahajyk alyp oturdaryn.
Şahasyndan bir ýaş baldak ýolup,
belent dagyň depesinde ekerin.
23 Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn,
ol pudak çykarar, miwe berer,
şöhratly kedr agajy bolar.
Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar,
her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar.
24 Ýurduň ähli agaçlary
belent agajy peseldýäniň,
pes agajy beýgeldýäniň,
ýaşyl agajy guradýanyň,
guran agajy gögerdýäniň
Meniň Rebdigimi bilerler.
Muny Men-Reb aýdýandyryn,
amala-da aşyraryn».