15‑nji bap
Peýdasyz agaç
1 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2 «Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur. 3 Iş üçin ondan agaç alynýarmy? Ýa üstünden bir zat asmak üçin asgyç ýasalýarmy? 4 Ol odun hökmünde ýakylýar. Ot onuň iki ujuny ýakyp, ortasyny garaldansoň, ol derde ýararmy? 5 Abatka derde ýaramadyk zat, oda ýanyp garalansoň derde ýararmy?» 6 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men tokaý agaçlarynyň arasyndan üzüm agajyny odun hökmünde nädip ýakan bolsam, Iýerusalimiň ilatyny-da şeýdip oda ýakaryn. 7 Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. 8 Onsoň olaryň Maňa dönüklik edendigi üçin ýurdy haraba öwrerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.