49-njy bap
Ammonlar hakyndaky pygamberlik
1 Reb ammonlar barada şeýle diýýär:
«Ysraýylyň ogullary ýokmy?
Onuň mirasdary ýokmy?
Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp,
halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»
2 Reb şeýle diýýär:
«Ammonlaryň Raba şäherine
uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler.
Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar,
obalary oda ýakylar.
Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär.
Muny Reb aýdýandyr.
3 Ahy-nala çek, eý, Heşbon!
Çünki Aý galasy weýran boldy!
Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň,
jul guşanyp, ýas tutuň,
ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň.
Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen
birlikde Milkom sürgün ediler.
4 Eý, biwepa gyz, neçün güýjüňe buýsanýaň?
Seniň güýjüň gaçar.
Sen hazynalaryňa buýsanyp:
„Meniň üstüme kim çozar?“ diýdiň.
5 Ine, daş-töweregiňdäkileriň baryndan üstüňe howp indererin. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Siz dargadylarsyňyz, her adam çem gelen ýere gaçar; gaçanlary hiç kim ýygnamaz. 6 Emma mundan soňra Men ammonlaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr».
Edom hakyndaky pygamberlik
7 Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy?
Danalarda maslahat galmadymy?
Olaryň akyldarlygy küteldimi?
8 Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň,
yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň!
Men Ysawy jezalandyran wagtymda,
onuň başyndan betbagtlyk indererin.
9 Eger üzümçiler bagyňa girse,
birki salkym üzüm galdyrmazlarmy?
Gije öýüňe ogrular girse,
özlerine geregini ogurlamazlarmy?
10 Emma Ysawy çuw ýalaňaç edip,
Men eşigini sypyraryn,
onuň gizlin ýerini äşgär ederin,
ol özüni gizläp bilmez.
Onuň tohum-tiji, dogan-garyndaşlary,
goňşulary heläk bolar, özi-de ýok bolar.
11 Ýetimleriňi taşla, olary diri saklaryn.
Dul hatynlaryň hem Maňa bil baglasyn».
12 Reb şeýle diýýär:
«Jeza käsesinden içmäge laýyk
bolmadyklar içenlerinden soň,
heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň?
Ýok, jezasyz galmarsyň,
jeza käsesinden hökman içersiň.
13 Çünki Öz barlygymdan ant içýärin,
Bosra howpa, masgaraçylyga,
harabaçylyga, nälete sezewar bolar».
Muny Reb aýdýandyr.
14 Men Rebden bir habar eşitdim,
milletler arasyna çapar ýollandy:
«Edoma çozmak üçin toplanyň,
söweşe aýaga galyň».
15 «Men seni milletler arasynda kiçelderin,
ynsanlar arasynda ýigrenje duçar ederin.
16 Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň
seni aldawa saldy.
Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan,
belent depeleriň çür başyny eýelän!
Sen höwürtgäňi bürgüt kimin
belent uçutlarda gursaň-da,
Men seni ol ýerden aşak düşürerin.
Muny Reb aýdýandyr.
17 Edom howpa öwrüler, ol ýerden geçýän her kes aňk-taňk bolup, onuň betbagtlyklaryna sykylyk çalar. 18 Edil Sodomyň, Gomoranyň we olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde ýeke adam galmaz, hiç ynsan ýaşamaz. Muny Reb aýdýandyr.
19 Men arslan kimin Iordan jeňňelinden
ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn.
Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn.
Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin.
Çünki Maňa meňzeş kim bar?
Menden hasabat sorajak kim?
Garşyma çykjak çopan kim?
20 Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny,
Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň:
Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar,
sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
21 Ýykylýanlaň gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar,
gykylyklarynyň sesi Gyzyl deňze* çenli eşidiler.
22 Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar,
ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar.
Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi
dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».
Damask hakyndaky pygamberlik
23 Damask hakynda pygamberlik:
«Hamat we Arpat utandy,
erbet habary eşidip, gorkudan titreşdi,
tolkun atýan deňiz kimin
ikiýana alakjap yrandylar.
24 Damask mejalsyz galdy,
gaçjak bolup öwrülende,
ony gorky gaplady.
Çaga dogurýan aýal kimin
ony sanjy we agyry tutdy.
25 „Wah, neçün şatlygymyň mekany bolan
bu şöhratly şäher abat galmady?!“
26 Munuň üçin ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar,
onuň ähli urşujylary ol gün dymdyrylar.
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
27 Damask diwaryny oda ýakaryn,
ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».
Kedar we Hasor hakyndaky pygamberlik
28 Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär:
«Turuň, Kedara hüjüm ediň,
gündogar halkyny ýok ediň.
29 Olaryň çadyrlary, sürüleri ellerinden alnar,
perdeleri, gap-gaçlary we düýeleri talanar;
halk: „Ähli tarapdan howp abanýar!“ diýip gygyrar».
30 «Eý, Hasoryň ilaty!
Gaçyň, uzaklara gidiň, bukularda gizleniň!
Muny Reb aýdýandyr.
Çünki Babyl patyşasy Nebukadnesar
siziň garşyňyza karar kabul etdi,
siziň garşyňyza dildüwşük gurady.
31 Turuň, asuda we howpsuz ýaşaýan
halkyň üstüne hüjüm ediň.
Muny Reb aýdýandyr.
Olaryň ne derwezeleri, ne-de kiltleri bar,
olar ýeke ýaşaýarlar.
32 Olaryň düýeleri talanyp,
köp mallary olja alnar.
Saç-sakgallaryny gyrkan bu adamlary
Men çar tarapyň ýeli bilen dargadaryn,
her ýandan başlaryna betbagtlyk indererin.
Muny Reb aýdýandyr.
33 Hasor şagallaryň sürenine
we ebedi harabaçylyga öwrüler.
Ol ýerde-de ýeke adam galmaz,
hiç bir ynsan ýaşamaz».
Eýlam hakyndaky pygamberlik
34 Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň başlarynda Eýlam hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 35 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. 36 Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz. 37 Men Eýlamy duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde gorka salaryn. Lowlaýan gazabym bilen başlaryndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Olary bütinleý ýok edýänçäm, yzlaryndan gylyç salaryn. 38 Men tagtymy Eýlamda bina edip, onuň patyşalaryny we ýolbaşçylaryny ol ýerden ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr. 39 Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».