47‑nji bap
Piliştliler hakyndaky pygamberlik
1 Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2 «Reb şeýle diýýär:
„Demirgazykdan suwlar joşup,
derýa kimin dolup-daşar-da,
ýurdy we ondaky ähli zatlary,
şäheri hem ýaşaýjylaryny basar.
Adamlar dady-perýat ederler,
ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.
3 Daýaw atlaryň toýnak sesinden,
söweş arabalarynyň takyrdysyndan,
tigirleriniň seslerinden ýaňa
elleri tapdan düşen atalar öwrülip,
çagalaryna ýardam bermezler.
4 Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler.
Sura bilen Sidona kömek edip biljek
aman galanlaryň ählisi ýok ediler.
Reb Kaptoryň kenarynda aman galan
piliştlileri derbi-dagyn eder.
5 Gaza saçyny ýolar,
Aşkelon sus bolar.
Eý, barja aman galanlar,
haçana çenli özüňizi ýaralajak?
6 Eý, Rebbiň gylyjy!
Sen haçana çenli köşeşjek däl?
Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.
7 Reb oňa tabşyryk berensoň,
ol nädip köşeşsin?
Ol ony ol ýere – Aşkelona,
deňiz kenaryna garşy ýollady“».