15‑nji bap
Reb rehimdarlyk etmeýär
1 Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin! 2 Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“». 3 «Olaryň başyndan dört hili betbagtlyk indererin: öldürmek üçin – gylyjy, düýt-müýt etmek üçin – itleri, iýip ýok etmek üçin – wagşy guşlar bilen ýyrtyjy haýwanlary ibererin. Muny Reb aýdýandyr. 4 Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn.
5 Eý, Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar?
Seniň üçin kim aglar?
Hal-ýagdaýyňy soramak üçin ýolundan sowlup,
kim seniň ýanyňa geler?»
6 «Sen Meni ret etdiň, yza tesdiň.
Men hem elimi saňa garşy galdyryp,
seni ýok ederin.
Merhemet etmekden halys ýadadym.
Muny Reb aýdýandyr.
7 Ýurduň derwezelerinde
halkymy çarşak bilen sowraryn.
Perzentsiz goýup, olary heläk ederin,
çünki olar pis ýollaryndan dänmediler.
8 Olaryň dul aýallaryny
deňiz çägesinden-de köpelderin.
Ýigitleriň hem ejeleriniň üstüne
günorta çagy heläkleýji ibererin.
Ejelerini duýdansyz gorky
we howp astyna salaryn.
9 Ýedi çagaly aýal
demi-demine ýetmän jan berdi.
Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy,
ol utanja galyp, masgara boldy.
Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň
öňünde gylyja tabşyraryn».
Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa Rebbe şikaýat edýär
10 «Waý meniň halyma! Wah, ejem, sen meni bütin dünýä bilen jedelleşsin hem dawa etsin diýip dogrupsyň! Men hiç kime karz bermedim hem, almadym hem. Şonda-da hemmeler maňa nälet okaýarlar».
11 Reb şeýle diýdi:
«Men ysraýyl halkyny diňe
ýagşylyk üçin goýbererin.
Betbagtlyk we hasrat döwründe
duşmanyňy saňa tabyn ederin.
12 Hiç kim demir, onda-da demirgazyk demri bilen
bürünji döwüp bilmez.
13 Ýurduň ähli ýerinde eden günäleň üçin
talaňa bererin baýlygyňy we hazynaňy.
14 Men seni tanamaýan ýurduňda
duşmanlaryňa gul ederin*,
gazabym size garşy ot bolup tutaşyp, ebedilik ýanar».
15 «Ýa Reb, Özüň bilýärsiň.
Meni ýada sal, ýardam et maňa.
Meni yzarlanlardan arymy alaýyn.
Olara sabyr-takatly bolma,
meni öldürmeklerine ýol berme.
Bu kemsidilmelere Seniň hatyraň üçin
çydaýandygymy bilgin.
16 Seniň sözleriňi tapyp iýdim.
Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi.
Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym,
eý, Reb Hökmürowan Hudaý!
17 Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym,
şatlanmadym men.
Seniň eliň üstümde bolup,
meni gazapdan dolduranyň üçin
ýalňyz özüm oturdym,
18 Neçün meniň agyrym dyngysyz?
Neçün ýaralaryma şypa ýok?
Neçün olary bejerip bolmaýar?
Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak,
aldawçy bir çeşme boljakmy?»
19 Munuň üçin Reb şeýle diýýär:
«Eger toba etseň, seni ýene kabul edip,
huzurymda durzaryn.
Eger biderek sözleri däl-de,
gymmatly sözleri aýtsaň,
Meniň dilim bilen geplärsiň.
Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler,
emma sen olara tarap öwrülmersiň.
20 Men seni bu halk üçin
bürünçden berk diwar ederin.
Olar seniň garşyňa söweşerler,
emma ýeňip bilmezler.
Halas etmek, ölümden gutarmak üçin
Men seniň bilendirin.
Muny Reb aýdýandyr.
21 Seni erbetleriň elinden azat ederin,
rehimsizleriň penjesinden halas ederin».