8‑nji bap
1 «Şol wagt Ýahuda patyşalarynyň, ýolbaşçylarynyň, ruhanylarynyň, pygamberleriniň süňkleri, Iýerusalimiň ilatynyň süňkleri gabyrlaryndan çykarylar. Muny Reb aýdýandyr. 2 Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar. 3 Bu pis kowumdan aman galanlaryň hemmesi dargadan ýerlerimde ýaşaýşy däl-de, ölümi saýlar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Halkda utanç ýok
4 Sen olara Reb şeýle diýýär diý:
«Ýykylan ynsan galmazmy gaýdyp?
Ýolundan azaşanlar gelmezmi ýola?
5 Näme üçin bu halk ýoldan çykdy?
Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär.
Olar ýalana berk ýapyşyp,
yza dolanmakdan boýun towlaýar.
6 Men üns berip diňledim,
dogrusyny aýtmaýar olar.
Hijisi: „Bu edenim näme?“ diýip,
öz pisligine toba etmeýär.
Söweşde çapýan at kimin
hersi öz ýoluna ýortýar.
7 Hatda leglek hem öz möwsümini bilýär.
Gumry, garlawaç, durna-da
göçmeli pursadyny bilýär.
Emma halkym Men-Rebbiň parzlaryny bilmeýär.
8 Nädip siz muny aýdyp bilýäňiz:
„Biz akylly, Rebbiň kanuny bizdedir“?
Hakykatda, bu kanuny ýalana öwren
hilegär kanunçylaryň galamydyr.
9 Akyldarlar utanja galdylar,
howp içinde duzaga düşdüler.
Olar Rebbiň sözüni ret etdiler.
Olarda näme pähim bar?
10 Uludan-kiçä ählisi
haram gazanjyň yşkynda,
pygamberden ruhana çenli
her kes hile bilen gün görýär.
Şonuň üçin aýallaryny başgalara,
melleklerini talaňçylara bererin.
11 Sag-salamatlyk bolmasa hem
„sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip,
halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.
12 Nejis işleri edenlerinde utandylarmy?
Ýok, asla utanmadylar.
Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler.
Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup,
ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar,
jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar.
Muny Reb aýdýandyr.
13 Olaň hasylyny wes-weýran ederin,
üzüm şahalary-da,
injir agajy-da miwe bermez,
hatda ýapraklary-da gurar.
Olara näme beren bolsam,
ellerinden alnar».
Muny Reb aýdýandyr.
 
14 Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys?
Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da,
ol ýerde heläk bolalyň.
Rebbe garşy günä edendigimiz üçin,
Hudaýymyz Reb zäherli suw berip,
bizi ölüme sezewar etdi.
15 Sag-salamatlyga garaşdyk,
emma hiç gowulyk ýok.
Şypa pursadyna garaşdyk,
emma oňa derek howp abandy.
16 Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär,
bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär.
Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary,
şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.
 
17 «Ine, Men üstüňize zäherli ýylanlary,
alahöwrenleri ibererin,
olar sizi çakarlar».
Muny Reb aýdýandyr.
 
Pygamber halk üçin ýas tutýar
18 Derdime şypa ýokdur,
ýüregim ýaralydyr meniň.
19 Ine, eziz halkymyň perýady
ýeriň aňry ujundan eşidilýär:
«Reb Sionda dälmidir?
Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?»
 
«Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary,
özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»
 
20 Halk: «Orak döwri ötdi, tomus gutardy,
emma biz halas bolmadyk» diýýär.
21 Biçäre halkymyň ýarasyndan ötri men-de ýaraly,
ýas tutýaryn, üstüme howp abandy.
22 Gilgatda melhem ýokmudyr?
Ol ýerde tebip ýokmudyr?
Onda näme üçin biçäre halkymyň
ýarasyna em edilmeýär?