3‑nji bap
1 «Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr. 2 Seret, ýalaňaç gaýalara nazar sal!
Heý, seniň zyna etmedik ýeriň barmy?
Çöldäki garakçylar ýaly
ýollaryň gyrasynda oturyp,
oýnaşlaryňa garaşdyň.
Loluçylygyň hem pisligiň bilen
ýurdy harama çykardyň.
3 Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi,
ýaz ýagşy ýagmady.
Sen bihaýa lola meňzediň,
utanjyň nämedigini bilmediň.
4 Indi sen Maňa: „Atam,
ýaşlygymdan Sen dostumsyň!
5 Sen ömürlik gaharlanjakmy?
Öýke-kinäňi baky saklajakmy?“ diýip aýtdyň.
Ine, sen şu zatlary aýtsaň-da,
edip bilen ýamanlyklaryňy etdiň».
Biwepa Ysraýyl we Ýahuda
6 Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi. 7 Men ol bu zatlary edenden soň, Maňa tarap öwrüler öýtdüm, emma ol öwrülmedi; muny onuň haýyn uýasy gördi. 8 Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm. 9 Ysraýyl hiç ähmiýet bermedi, daşlara we agaçlara sežde etmek bilen, zyna etdi we ýurdy bütinleý harama çykardy. 10 Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.
11 Reb maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýyl haýyn Ýahuda garanda adyl bolup çykdy. 12 Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr. 13 Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr. 14 Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona* getirerin. 15 Men size Öz göwnümdäki ýaly çopanlary berjek, olar sizi bilim we düşünje bilen bakarlar. 16 Siz ýurtda köpelip, san-sajaksyz bolanyňyzda, olar gaýdyp Rebbiň Äht sandygyny agzamazlar. Muny Reb aýdýandyr. Ol kellä gelmez ýa-da ýatlanylmaz, ony küýsemezler, başgasyny-da ýasamazlar. 17 Şol döwür Iýerusalim Rebbiň tagty diýlip atlandyrylar we ähli milletler şol ýerde, Iýerusalimde Rebbiň huzuryna üýşerler. Mundan beýläk olar kesirlik bilen ýaman niýetlerine kowalaşmazlar. 18 Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.
19 Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp,
size gözel ýurdy –
ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim.
Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz,
Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.
20 Emma bir aýalyň öz ärine biwepalyk edişi ýaly,
siz hem Maňa biwepalyk etdiňiz, eý, ysraýyl halky!“»
Muny Reb aýdýandyr.
21 Ýalaňaç gaýalardan bir ses eşidilýär,
bu ysraýyl halkynyň agysy hem ahy-nalasydyr.
Çünki olar ýollaryny urdurdylar,
özleriniň Hudaýy Rebbi unutdylar.
22 «Dolanyň, eý, biwepa perzentler,
Men biwepalygyňyza şypa bererin».
Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris,
çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»
23 Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän
gykylykdyr gowgalar ýalandyr.
Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb
Ysraýyly halas edýär.
24 Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler. 25 Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.