52‑nji bap
Sionyň şatlygy
1 Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen!
Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher,
gözel lybasa gir!
Sünnetsizler, haram adamlar
içeri girmezler asla.
2 Üstüňdäki tozany kak-da,
gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur.
Boýnuňdaky zynjyry üz,
eý, Sion, ýesir gyz!
3 Reb şeýle diýýär:
«Siz mugt satyldyňyz,
yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz».
4 Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Halkym mesgen tutjak bolup,
owal Müsüre gidipdi;
soňra aşurlar olara nähak sütem etdiler».
5 Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär.
«Halkym biderek ýere äkidildi,
hökümdarlary perýat edýärler.
Adym uzakly gün harlanýar».
Muny Reb aýdýandyr.
6 «Munuň üçin halkym Meniň adymy biler;
şonuň üçin gepleýäniň Mendigimi
şol gün bilerler. Ine, bu Mendirin».
7 Dagdan aşyp,
parahatlygy yglan edýän
habarçynyň gelşi ne gözeldir!
Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip,
Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip,
hoş habar getirýär.
8 Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar,
şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar;
Rebbiň Siona gaýdyp gelşini
öz gözleri bilen görerler olar.
9 Eý, Iýerusalimiň harabalary,
şatlyk bilen aýdyma gygyryň!
Reb Öz halkyna teselli berdi,
Iýerusalimi azat etdi.
10 Ähli milletleriň gözleriniň alnynda
Reb mukaddes bilegini çermedi;
ýeriň aňry ujy
Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.
11 Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň!
Haram zatlara el degirmäň;
ol ýerden çykyp, tämizleniň,
eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!
12 Emma siz gyssagly çykmarsyňyz,
gaçyp gitmersiňiz;
çünki Reb siziň öňüňizden gider,
Ysraýyl Hudaýy yzyňyzda gorag bolar.
Rebbiň gulunyň ejir çekmesi we beýgeldilişi
13 Ine, gulum rowaçlanar,
ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar,
gaty belende çykarylar.
14 Köpler oňa haýran galdy.
Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy,
syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.
15 Ol köp milletleri geň galdyrar;
patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar;
çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp,
eşitmedik zatlaryna düşünerler.