49-njy bap
Rebbiň bendesi
1 Eý, adalar, meni diňläň!
Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň!
Ýatgydakam Reb meni çagyrdy,
enemiň göwresindekäm adymy tutdy.
2 Dilimi kesgir gylyç kimin etdi,
meni eliniň kölegesinde gizledi;
ýiti ok edip,
Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.
3 Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň,
eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.
4 Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim,
biderek, bihuda sarp etdim güýjümi;
ýöne hakym Reb bilendir,
sylagym Hudaýym bilendir».
5 Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin,
Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin,
ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni.
Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym,
Hudaýym meniň güýç-‑gudratym boldy.
6 Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin,
ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin
bendäm bolmagyň ýeterlik däldir,
seni milletlere nur ederin,
seniň üstüň bilen
ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
7 Ynsanyň kemsidýänine,
halkyň ýigrenýänine,
hökümdarlaryň guluna
Ysraýylyň Penakäri,
onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär:
«Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar,
hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler,
Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan
Reb sadykdyr».
Reb halkyny yzyna getirer
8 Reb şeýle diýýär:
«Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin,
kömek ederin halas etjek günümde;
seni goraryn,
halka äht hökmünde bererin seni
sen ýurdy täzeden dikeldersiň,
çolaryp galan mülki paýlarsyň.
9 Ýesirlere: „Çykyň“,
garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň.
Olar ýol boýlarynda otlarlar,
takyr depelerde öri taparlar.
10 Ajykmazlar, suwsamazlar,
jöwza hem Gün olary ýakmaz,
çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer,
olary suw çeşmelerine getirer.
11 Ähli daglarymy ýola öwrerin,
şaýollarym belende galdyrylar.
12 Ine, olar uzaklardan,
käsi demirgazykdan, käsi günbatardan,
hatda Sinim ýurdundan gelerler.
13 Şatlykdan gygyryň, eý, gökler!
Eý, zemin, begen!
Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar!
Reb Öz halkyna teselli berdi,
ejir çekýänlere rehim eder.
14 Emma Sion: „Reb terk etdi meni,
Taňrym meni unutdy“ diýdi.
15 Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi?
Özünden önen çaga rehim etmezmi?
Hatda ene öz balasyny unutsa-da,
Men seni unutmaryn.
16 Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym,
diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.
17 Ogullaryň howlugyşyp gelerler,
seni weýran edenler çykyp giderler.
18 Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret,
olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler.
Barlygymdan ant içýärin,
olaryň bary seniň üçin bezeg bolar,
gelin dek olary dakynarsyň.
Muny Men – Reb aýdýandyryn.
19 Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da,
haraba dönen bolsa-da ýurduň,
indi ýurt halkyňa darlyk eder,
seni ýuwudyp-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.
20 Agyr ýitgi astynda doglan çagalaryň
ýene saňa şeýle diýerler:
„Bu ýer bize darlyk edýär,
mesgen tutara bize ýer ber“.
21 Şonda sen içiňden diýersiň:
„Bulary maňa kim dogrup berdi?
Çagasyzdym, önelgesizdim,
sürgün edilip kowlupdym;
eýsem bulary kim ulaltdy?
Ýeke-ýalňyz galypdym,
bular nireden gelip çykdylar?“».
 
22 Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin,
halklara baýdagymy galdyraryn;
olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler,
gyzlaryňy gerişlerinde götererler.
23 Patyşalar saňa atalyk,
şa aýallary saňa enelik ederler.
Olar saňa tagzym edip,
aýak tozuňyzy ýalarlar.
Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň.
Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».
 
24 Güýçliniň elinden oljasyny alyp bolarmy?
Zalymyň* ýesir alanlaryny azat edip bolarmy?
25 Emma Reb şeýle diýýär:
«Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar,
zalymyň oljasy elinden azat ediler;
Men saňa garşy durana garşy durup,
çagalaryňy halas ederin.
26 Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin,
täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar.
Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi,
seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi,
Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».