41‑nji bap
Reb Ysraýyla medet berýär
1 «Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň,
halklar täzeden güýç toplasynlar,
olar ýakyna gelip, geplesinler;
höküm üçin bile toplanalyň.
2 Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim?
Ony hyzmatyna çagyran kim?
Milletleri onuň eline berýär,
patyşalary aýak astynda ezýär,
olary gylyjy bilen tozana,
sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen.
3 Kowalaýar olary,
sag-aman geçýär
aýak basmadyk ýodasyndan.
4 Başdan nesilleri çagyryp,
bulary eden, tamamlan kim?
Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum,
ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.
5 Adalar muny görüp, gorkýarlar,
ýeriň aňry uçlary titreşýärler,
olar ýakynlaşyp gelýärler.
6 Hersi beýlekisine kömek edýär,
biri-birine: „Batyr bol!“ diýýär.
7 Hünärment zergäri,
çekiç bilen tekizleýän
sandala urýany ruhlandyrýar.
Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy“ diýýär;
gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.
8 Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl,
Öz saýlanym Ýakup,
dostum Ybraýymyň nesilleri,
9 ýeriň aňry ujundan topladym,
uzak ýerlerden çagyryp:
„Siz Meniň bendämsiňiz,
Men sizi saýladym, terk etmedim“ diýdim.
10 Gorkmaň, siziň bilendirin Men,
heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men,
size güýç bererin, ýardam ederin,
sadyk sag golum bilen söýget bererin.
11 Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi
utandyrylar, ile ryswa ediler.
Hiç zat dek ýogalyp giderler
size garşy çykýanlar.
12 Duşmanlaryňyzy
tapyp bilmersiňiz
agtararsyňyz-da,
hiç zatça bolman ýogalyp giderler
size garşy çykýanlar.
13 Hudaýyňyz Men – Reb
sag eliňizden tutaryn,
size: „Gorkmaň, ýardam ederin“
diýýän Mendirin.
14 Eý, ýer gurçugy Ýakup,
eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň!
Size kömek ederin.
Muny Men – Reb,
Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.
15 Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli
döwek guraly etdim;
siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz,
baýyrlary saman çöpi kimin edersiňiz.
16 Siz olary sowrarsyňyz,
şemal olary uçuryp äkider,
harasat olary pytradar.
Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz,
Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.
17 Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar,
ýöne suw ýok;
teşnelikden kepeýär agyzlary,
Men – Reb olara jogap bererin,
Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.
18 Men açyk depelerden derýalar,
dereleriň ortasyndan bulaklar akdyraryn;
çöli köle, gury ýeri
suwly çeşmelere öwrerin.
19 Çölde kedr, akasiýa, mirt,
zeýtun agaçlaryny oturdaryn,
serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.
20 Onsoň hemmeler
muny Rebbiň eliniň edendigini,
Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny
görerler, bilerler,
akyl ýetirerler, düşünerler».
Butlar biderekdir
21 Reb: «Dawaňyzy aýdyň» diýýär,
Ýakubyň Patyşasy: «Subutnamaňyzy getiriň» diýýär.
22 «Butlaryňyzy getiriň,
goý, olar näme boljagyny aýtsynlar,
oýlanyp, soňuny bilerimiz ýaly
geçmişde bolanlary aýan etsinler,
ýa-da boljak zatlary bize habar bersinler.
23 Siziň hudaýlardygyňyzy bilerimiz ýaly,
bize mundan soň boljak zatlary bildiriň;
gorkup, heder ederimiz ýaly,
ýa ýagşylyk, ýa-da ýamanlyk ediň.
24 Emma siz hiç zatsyňyz,
işleriňiz-de biderek;
sizi saýlan ýigrenjidir.
25 Men demirgazykdan birini öjükdirdim,
ol gelýär,
gündogardan adymy tutup çagyrýan biri.
Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin
hökümdarlary palçyk kimin depelär.
26 Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi?
„Ol mamla“ diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi?
Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi,
hiç kim sözleriňizi eşitmedi.
27 Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim,
Iýerusalime habarçy ýolladym.
28 Seretdim, ýöne hiç kim ýok,
aralarynda maslahatçy ýok,
soragyma jogap berjek ýok.
29 Ine, olaryň hemmesi galp,
işleri hiç zatdyr,
butlary boş ýeldir».