38‑nji bap
Hizkiýanyň hassalygy
1 Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. 2 Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip: 3 «Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.
4 Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 5 «Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: ‘Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. 6 Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn’ diýýär diý“».
7 Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: 8 «Ine, Men Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, Gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi. 9 Ýahuda patyşasy Hizkiýa keselinden gutulandan soň şulary ýazdy:
10 «„Ömrümiň iň ýagşy çagynda,
men gitmeli;
ölüler dünýäsiniň derwezelerinden girip,
galan ýyllarymdan mahrum edildim“ diýdim.
11 „Diriler ýurdunda Rebbi görmerin.
Bu dünýäde ýaşaýanlar kimin
ynsana gözüm düşmez mundan artyk“ diýdim.
12 Öýüm çopanyň çadyry kimin
sogrulyp, elimden alyndy.
Ömrümi dokmaçy kimin kesdim,
Reb meni erişden kesdi;
bir günüň içinde soňuma çykdyň.
13 Ertire çenli sabyrsyzlyk bilen garaşdym;
ol arslan kimin bar süňklerimi döwdi;
bir günüň içinde soňuma çykdyň.
14 Garlawaç, durna kimin gygyrdym,
gumry kimin iňledim,
gözlerim göge bakmakdan ýadady.
Ýa Reb, men zulum içinde,
dadyma ýetiş!
15 Näme diýeýin?
Meniň bilen gepleşen,
muny eden Rebdir,
kalbymyň hasratlydygy zerarly
ömürboýy pespäl gezerin.
16 Ýa Reb, ynsanlary ýaşadýan Sensiň,
meni-de Sen ýaşadýarsyň,
meni sagalt, meni ýaşat!
17 Çeken ejirim-ezýetim
öz haýryma boldy;
meni söýendigiň üçin
janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň,
ähli günälerimi arkaňa atdyň.
18 Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz,
ölüm Saňa öwgüler aýtmaz,
Seniň wepalylygyňa
umyt baglap bilmezler
gabra inýänler.
19 Bu gün meniň edişim ýaly,
diriler, diňe diriler
Saňa şükür edýärler,
atalar perzentlerine
Seniň wepalylygyňy bildirýärler.
20 Reb meni halas eder,
bütin ömrümiz boýy Rebbiň öýünde
kirişli saz gurallary bilen
nagmalar aýdarys».