23‑nji bap
Sur hakyndaky pygamberlik
1 Sur hakyndaky pygamberlik:
Eý, Tarşyş gämileri,
Sur weýran boldy,
perýat ediň!
öýsüz-öwzarsyz galdy ol.
Kiprden size habar geldi.
2 Eý, ada ilaty,
deňizden geçýänleriň üsti bilen
baýan Sidon täjirleri, dymyň!
3 Bol suwlar ýakasynda
Şihoryň gallasy,
Niliň hasyly girdejiňdi.
Milletleriň täjiridi ol.
4 Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala,
deňiz şeýle diýýär:
«Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym,
ne ýaş ýigitleri kemala getirdim,
ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
5 Suruň halyna gynanar Müsür,
ol barada eşidende.
6 Tarşyşa geçiň,
eý, adalylar, perýat ediň!
7 Asly owaldan bäri bolan,
uzak ülkeleri ýurt edinen
şagalaňly şäheriňiz şumy?
8 Täçleri berýän Sura garşy
beýle karar çykaran kim?
Suruň täjirleri şazadalardy,
täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
9 Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin,
dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin,
Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
10 Eý, Tarşyş gyzy,
ýurduňdan Nil kimin geç;
indi bökdenç bolmaz.
11 Reb deňiz üstüne elini uzadyp,
patyşalyklary titretdi;
ýok etmegi buýurdy ol
Kengan galalaryny.
12 Ol diýdi:
«Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy,
sen indi şatlanmarsyň.
Bar, Kipre git,
ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
13 Babyllylaryň ýurduna sered-ä,
bu halk indi ýok!
Wagşy haýwanlaryň eline berdi
aşurlylar ony.
Olar gabaw diňlerini dikdiler,
galalaryny ýykyp,
haraba öwürdiler ony.
 
14 Perýat ediň, eý, Tarşyş gämileri!
Galaňyz weýran boldy.
15 Şol günden başlap, Sur ýetmiş ýyl – bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Suruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:
16 Eý, unudylan kemçin,
şähere aýlan lira* al-da!
Lira çal-da,
köp aýdymlar aýt,
seni ýatlarlar belki-de.
 
17 Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sury idär. Sur söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder. 18 Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.