11‑nji bap
1 Rebbiň ýigreneni galp terezidir,
dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.
2 Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir,
akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir.
3 Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir,
dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.
4 Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir,
dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.
5 Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder,
erbetler bolsa öz erbetligi zerarly ýykylar.
6 Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär,
haýynlar öz nebsine çolaşýarlar.
7 Erbet adam ölse, onuň umyt- -niýetem ölýär,
onuň baý bolmak tamasy puja çykýar.
8 Dogry adam muşakgatdan gutulýar,
oňa derek erbetler muşakgata uçraýar.
9 Imansyz ýakynyny dili bilen heläkleýär,
dogruçyl bolsa bilim bilen gutulýar.
10 Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär,
erbetler ölende toý-dabara bolýar.
11 Dogruçyllaryň dileginden şäher belende galýar,
erbetleriň dilinden ol weýran bolýar.
12 Ýakynyny kemsidýän kemakyldyr,
düşünjeli adamyň agzyndan söz çykmaýar.
13 Gybatkeş başganyň syryny paş edýändir,
ynamdar göwün syrdaş bolýandyr.
14 Maslahatsyz millet heläk bolýandyr,
maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.
15 Nätanşa kepil bolan köp zyýan çeker,
kepil bolmakdan gaçan dynç gezer.
16 Mylakatly aýal hormat,
zalymlar baýlyk gazanýandyr.
17 Merhemetli özüne peýda getirýär,
zalym bolsa özüne zyýan edýär.
18 Erbediň gazanjy galplykdyr,
dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.
19 Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa,
ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.
20 Gara ýürekliler Rebbe nejisdir,
Reb sadyk ýoldan hoşaldyr.
21 Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz,
dogrularyň nesilleri gutular.
22 Salykatlylykdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy
doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr.
23 Dogrular diňe ýagşylygy arzuwlar,
erbetleriň garaşýany gahar-gazap.
24 Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar.
Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.
25 Sahy adamyň berekedi artar,
suw berene suw berler.
26 Gallasyny gizleýäne halk gargaýar,
galla satýanyň başyna bereket ýagýar.
27 Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar,
ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.
28 Baýlygyna baýrynýan ýykylar,
dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.
29 Hojalygyna betbagtlyk getiren ýel gysymlan ýaly bolar,
akmak akylly adamyň hyzmatkäri bolar.
30 Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr,
akyldar adam ynsanlary gazanýar.
31 Dünýäde dogry adam jezalandyrylsa,
erbet bilen günäkäriň almyty,
gör, näçe esse bolar!