137‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
1 Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin,
ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.
2 Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin,
Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin.
Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi
ähli zatdan beýgeltdiň.
3 Çagyran günümde Sen jogap berdiň,
janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.
4 Ýa Reb, ýer ýüzüniň ähli şalary
Saňa şükür edýärler,
çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.
5 Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar,
çünki Rebbiň şöhraty beýik.
6 Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar,
emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.
7 Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň,
duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň.
Seniň goluň meni halas eýleýär.
8 Reb meniň arymy alar;
ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar,
Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.