132‑nji mezmur
Dawudyň zyýarat nagmasy
1 Doganlaryň bile ýaşamaklary
gör, nähili gowy hem-de ýakymly!
2 Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr,
sakgala, Harunyň sakgalyna,
onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan
mukaddes ýag ýalydyr!
3 Ol Sion daglaryna düşýän
Hermonyň boldan-bol çygy kimindir.
Çünki Reb ol ýerde ýalkanyş, baky ýaşaýyş
bolsun diýip, tabşyryk berdi.