126-njy mezmur
Süleýmanyň zyýarat nagmasy
1 Eger öýi Reb bina etmese,
ony bina edýänleriň azaby puçdur.
Eger şäheri Reb goramasa,
garawulyň oýa durmagy puçdur.
2 Eklenmek üçin der dökmegiňiz,
ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur.
Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da
rysgal berýändir.
3 Çagalar Rebden bolan mirasdyr,
ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr!
4 Ýaşlyk çagynyň ogullary
edermeniň elindäki peýkamlar ýaly:
5 sagdagyny olardan dolduran bagtly!
Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty
utandyrylmaz.