124‑nji mezmur
Zyýarat nagmasy
1 Rebbe bil baglaýanlar Sion dagy deý:
ol sarsmaz, ol durar asyrlarboýy.
2 Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly,
şindiden asyrlarboýy
Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny.
3 Dogrularyň ýurdunda
erbetler höküm sürmezler baky,
ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal.
4 Ýa Reb, Sen ýalka,
ýagşylary we päk ýüreklileri.
5 Emma Reb özleriniň egri ýollaryna sowlanlary,
betkärler bilen bile jezalandyrar;
goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!