115‑nji mezmur
1 «Ejirlerim juda köp» diýip gürledim,
ýöne şonda-da men iman etdim.
2 Howsala düşen wagtymda:
«Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.
3 Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň
öwezini nädip dolaýyn?
4 Gutulyş pyýalasyny galdyryp,
Rebbim diýip Ony çagyraryn.
5 Bütin halkynyň öňünde
Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.
6 Rebbiň sadyklarynyň ölümi
Onuň üçin nähili agyr!
7 Ýa Reb! Men Seniň bendäň,
men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly;
Sen zynjyrlarymy gyryp taşladyň.
8 Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin,
Rebbiň adyny men çagyraryn.
9-10 Bütin halkynyň öňünde,
Reb öýüniň howlularynda,
eý, Iýerusalim, seniň içiňde,
Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!