102‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
1 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm,
mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.
2 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym,
Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.
3 Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar,
ähli dertleriňe Ol şypa berýär.
4 Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär,
sadyk söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.
5 Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär:
bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.
6 Reb ezilenleriň ählisi üçin
berjaý edýär hak-adalaty.
7 Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny,
ysraýyl halkyna – Öz işlerini.
8 Reb rehimdar we merhemetli,
sadyk söýgä baý we giň göwünli,
9 Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz,
Öz gaharyny baky saklamaz.
10 Ol bize günälerimize görä garanok,
ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.
11 Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa,
Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
12 Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa,
şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar.
13 Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin,
Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.
14 Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär,
biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.
15 Ynsan ömri ota meňzeýär,
meýdan güli kimin olar gülleýär,
16 üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar;
öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.
17-18 Emma Rebden gorkýanlar üçin,
ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi.
Rebbiň ähtini saklap,
buýrugyny berjaý edýänler üçin,
Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.
19 Reb tagtyny göklerde berkarar etdi,
Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr.
20 Eý, Rebbiň edermen perişdeleri –
Onuň buýruklaryny berjaý edýänler,
Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar,
Rebbi alkyşlaň!
21 Eý, Onuň islegini berjaý edip,
Oňa hyzmat edýän melekleri,
Rebbi alkyşlaň!
22 Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki
ýaradan zatlarynyň ählisi,
Rebbi alkyşlaň!
Eý, janym, Rebbi alkyşla!