100‑nji mezmur
Dawudyň mezmury
1 Men sadyklyk we adalat barada nagma aýdaryn,
ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.
2 Men kämillik ýolundan ýörärin.
Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?!
Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn.
3 Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin,
günä etmegi men ýigrenýärin,
günä maňa ýanaşmaz.
4 Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn,
ýamanlyga şärik bolmaryn.
5 Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin,
gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.
6 Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly,
men olara mähir bilen gararyn.
Meniň gullugymda
kämillik ýolunda gezýänler durar.
7 Hilegärlik edýän meň öýümde ýaşamaz,
ýalan sözleýän gaşymda durmaz.
8 Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin,
sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin.