91‑nji mezmur
1 Mezmur. Sabat güni üçin nagma.
2 Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek,
ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!
3-4 On kirişli guralda we arfada,
lirada mukamlar çalyp,
gije-gündiz söýgiňi,
wepadarlygyňy beýan eýlemek!
5 Çünki, ýa Reb, işleriň bilen meni şat etdiň,
elleriňiň işlerine şatlanyp nagma aýdaryn.
6 Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň!
Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!
7 Kemakyl adam muny bilmeýär,
akmak muňa hiç düşünmeýär.
8 Emma erbetler ot deý gögerseler-de,
betkärler gülleseler-de,
olar baky weýrançylyga höküm edilen.
9 Emma Sen, ýa Reb, baky belentsiň.
10 Ine, ýa Reb, duşmanlaryň,
Seniň duşmanlaryň, ýitip giderler,
ine, ähli betkärler dargadylarlar.
11 Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň,
başyma täze ýag guýup, meni saýladyň.
12 Duşmanymyň ýeňlişini gördi gözlerim,
maňa garşy galýanlaryň heläk bolşuny
eşitdi meniň gulagym.
13 Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar,
Liwanyň kedr daragty deý boý alar.
14 Olar ekilendir Rebbiň öýünde,
gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda.
15 Olar garrasa-da, miwe getirýärler,
elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
16 Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam,
Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar.