84‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
2 Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň,
Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.
3 Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň,
onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela
4 Ähli gazabyňy Sen jylawladyň,
ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.
5 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý,
bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar,
bize bolan gahar-gazabyňdan el göter.
6 Sen gaharlanjakmy bize ebedi?
Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?
7 Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly,
Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?
8 Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez,
Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
9 Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny.
Ol halkynyň, sadyklarynyň
gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly,
olara wada berýär parahatlygy.
10 Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly,
Ol Özünden gorkýanlary
dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!
11 Söýgi bilen wepadarlyk birleşer,
dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
12 Wepadarlyk ýerden gögerer,
dogrulyk-da asmandan garar.
13 Hawa, Reb ýagşy zatlary berer,
topragymyz öz hasylyny eçiler.
14 Dogrulyk Onuň öňünden ýörär,
Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.