69-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýatlanma dilegi.
2 Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal;
ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
3 Janyma kast edýänleriň hemmesi,
goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn;
başyma gelen külpetlere şat bolýanlar,
yzyna öwrülip, masgara bolsun.
4 Maňa «haý, haý!» diýýänler,
utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
5 Seni agtarýanlaryň bary
Sende begenip, şadyýan bolsun;
«Hudaý beýikdir!» diýip,
halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
6 Men bolsa garyp we mätäç,
ýöne, eý Hudaý, maňa gamhorlyk etgin;
Sensiň kömegim hem Halasgärim,
eglenme, ýa meniň Rebbim!