62‑nji mezmur
1 Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.
2 Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym,
Seni agtarýaryn ir säher bilen,
meniň janym teşnedir Saňa.
Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin
Seni küýseýär meniň bedenim.
3 Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin,
mukaddes öýüňde Saňa seretdim.
4 Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr,
meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.
5 Ömürboýy Saňa alkyş okaryn,
ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.
6-7 Düşegimde Seni ýatlan wagtymda,
gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,
janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar,
şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar.
8 Çünki Sen meniň kömegim bolduň;
ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp,
nagma aýdaryn.
9 Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar,
Seniň goluň meni goldaýar.
10 Janymyň kastyna çykanlar bolsa,
ýeriň teýine inip giderler.
11 Olar gylyjyň zarbyna berler,
hem-de şagallara şam bolar.
12 Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar;
Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar,
çünki ýalançylaryň agzy baglanar.