60-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2 Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy
hem-de diňle meniň dogamy.
3 Meniň kalbym gam laýyna batanda,
Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan;
çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.
4 Çünki Sen meniň penamsyň,
duşmana garşy mäkäm galamsyň.
5 Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn,
ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela
6 Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň,
Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy
Sen maňa berdiň.
7 Şa ömrüniň günlerine günler goş,
günlerini uzalt nesilden-nesle!
8 Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn,
söýgi bilen wepadarlyk ber,
goý, olar ony gorasyn!
9 Kasamlarymy günde berjaý ederin,
Seniň adyňa elmydama nagma aýdaryn.