IKINJI KITAP
(41 – 71‑nji mezmurlar)
41‑nji mezmur
41
1 Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.
2 Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin,
eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!
3 Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym,
haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün?
4 Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?»
gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.
5 Men ýörärdim jemagat bilen,
baýram edýän halky
äkiderdim Hudaý öýüne;
olar şatlanyp, nagma aýdardy.
Şu zatlary ýatlan wagtymda
küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
6 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň?
Näme üçin sen içimde yňranýaň?
Umydyňy Hudaýa bagla,
men ýene Oňa – Halasgärime we
Hudaýyma öwgi aýdaryn.
7 Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar,
munuň üçin Iordan topragynda,
Hermon hem-de Mizar dagynda
Seni ýatlaýan.
8 Çuňluk çuňluga gygyrýar,
şaglawuklaryňyň owazy bilen.
Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin
muşakgatlar meniň başymdan geçdi.
9 Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär,
gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn –
ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,
10 Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin:
«Näme üçin meni unutdyň?
Duşman meni gysan wagtynda
näme üçin gam-gussaly gezmeli?»
11 Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär,
kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.
12 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň?
Näme üçin sen içimde yňranýaň?
Umydyňy Hudaýa bagla,
men ýene Oňa – Halasgärime we
Hudaýyma öwgi aýdaryn.