30-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2 Ýa Reb, men Seni pena edinýärin,
meni hiç haçan utanja goýma;
dogrulygyň bilen halas et meni.
3 Maňa gulak goý,
tiz ýetiş meniň dadyma;
bol Sen meni penalaýan bir gaýa,
halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
4 Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň;
Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa,
meni ugrukdyr.
5 Maňa gurlan tordan Sen meni çykar,
çünki Sen meniň penamsyň.
6 Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy;
meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
7 Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary;
men diňe Rebbe baglaýan bili.
8 Begenip şatlanaryn sadyk söýgiňe,
çünki Sen muşakgat halymy gördüň,
janymyň çekýän derdini bildiň;
9 tabşyrmadyň meni duşman eline;
duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.
10 Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
sebäbi men hasrat içinde;
gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi;
meniň janym hem-de bagrym gurady.
11 Ömrüm soňlanyp barýar gam- -gussa bilen;
ýyllarym-da dat-perýat bilen;
günäm zerarly kuwwatym gaçdy
hem-de meniň süýeklerim gurady.
12 Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma,
ylaýta-da öz goňşularyma;
betnyşan boldum men tanyşlaryma;
köçede görýänler menden gaçýarlar.
13 Merhum dek unudyldym men;
bir döwlen küýzä öwrülendirin.
14 Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýärin men,
maňa garşy dildüwşük guranlarynda,
janyma kast etmekçi bolanlarynda,
töwerek-daşymy gorky gaplaýar.
15 Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýaryn men;
Men diýýärin: «Sensiň meniň Hudaýym».
16 Ömrümiň günleri Seniň eliňde;
halas et meni ýagylarymyň
hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden.
17 Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne;
sadyk söýgiň bilen meni halas et.
18 Ýa Reb, meni utanja goýma,
çünki Seni çagyrýaryn men;
goý, erbetler utanja galsyn;
ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn.
19 Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen
dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun.
20 Seniň ýagşylygyň neneňsi uly!
Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony;
adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara
edýärsiň Sen bu ýagşylygy.
21 Sen ynsan dildüwşüklerinden
olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň;
dilleriň dawalaşmagyndan
çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň.
22 Rebbe alkyş bolsun!
Çünki Ol daşy gabalan şäherde
maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi.
23 Öz howsalamda şeýle oýladym:
«Men Seniň nazaryňdan taşlandym».
Ýöne Saňa perýat eden wagtymda
Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.
24 Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony!
Reb goraýar Özüne wepadarlary,
doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.
25 Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary,
batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz!