40-njy bap
Reb sözüni dowam edýär
1 Reb harasadyň içinden şeýle jogap berdi:
2 «Erkek kimin biliňi berk guşa,
seni sorag etjek, Maňa jogap ber.
3 Meni adalatsyzlykda aýyplajakmy sen?
Özüňi aklamak üçin Meni höküm etjekmi indi?
4 Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy?
Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?
5 Özüňi şan-şöhrat we belent mertebe bilen beze,
şöhrat we hormat donuny geý.
6 Möwç alýan gazabyňy dök,
tekepbirlere bakyp, olary boýun egdir.
7 Tekepbirlere garap, olary dyza çöker,
erbetleri duran ýerlerinde mynjyrat.
8 Hemmesini bile topraga göm,
olary gabyrda bagla.
9 Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini
Men-de boýun alaryn.
10 Ine, Bähemosa* seret,
seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym,
ol öküz kimin ot iýýär.
11 Gör, onuň bilinde nähili güýç bar,
garnyndaky muskullary nähili güýçli!
12 Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar,
budunyň siňirleri örüm-örümdir.
13 Süňkleri bürünç turbalar kimin,
gapyrgalary demir gözenekleri kimindir.
14 Bähemos Hudaýyň beýik işleriniň arasynda iň ajaýybydyr,
diňe Ýaradany oňa gylyç bilen golaýlaşyp biler.
15 Baýyrlar onuň otlagydyr,
ol ýerde haýwanlar ýaýnaşýarlar.
16 Ol gyrymsy agaçlar astynda,
gamyşlyk bilen örtülen batgalykda ýatýar.
17 Gyrymsy agaçlar üstüne kölege salýar,
deräniň söwütleri ony gurşaýar.
18 Derýa joşsa-da, ol eýmenmez,
Iordan daşyp, agzyna-burnuna gelse-de, ol asla äwmez.
19 Kim ony garbak bilen tutup biljek?
Kim çeňňek bilen onuň burnuny deşip biljek?
20 Liwýatany* çeňňek bilen tutup bilermiň?
Ýa-da onuň diline syrtmak salyp bilermiň?
21 Burnundan ýüp geçirip bilermiň?
Ýa-da äňinden çeňňegi ötürip bilermiň?
22 Ol saňa ýalbaryp-ýakararmyka?
Şirin sözleri bilen seni yrarmyka?
23 Özüni ebedilik guluň ederiň ýaly,
seň bilen äht baglaşarmyka?
24 Guş bilen oýnaýşyň ýaly onuň bilenem oýnarmykaň?
Ony gyzlaryňa güýmenje edip baglap bilermiň?
25 Täjirler ony alyp-satyp bilermikäler?
Söwdagärler ony öz aralarynda paýlaşyp bilermikäler?
26 Derisini naýza bilen,
kellesini balykçylaryň gadalgasy bilen deşim-deşim edip bilermiň?
27 Oňa eliňi degrip gör, ol saňa göz görkezmezmikä,
sen ony ikilenç gaýtalamarsyň.