25‑nji bap
Bildadyň sözi
1 Şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2 «Hudaý gudratly we haýbatlydyr!
Gökde asudalygy berýän Oldur.
3 Goşunyny sanamaga san ýetjekmi?
Güni kimiň üstüne dogmaz?
4 Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler?
Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?
5 Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa,
ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse,
6 onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça,
adamzat-da gurtça görner!»