22‑nji bap
Elipaz Eýýuba jogap berýär
1 Teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2 «Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi?
Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
3 Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar?
Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
4 Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi
Ondan gorkýandygyň üçinmi?
5 Erbetligiň ummasyz,
etmişleriň tükeniksiz dälmi?
6 Çünki öz doganyňdan nähak girew aldyň,
eşiklerine çenli sypyryp, olary ýalaňaç goýduň.
7 Ýadawa içmäge suw bermediň,
açdan çöregiňi gysgandyň.
8 Ine, güýçlüler ülkä eýe bolýandyr,
hormatlanýan onda ýaşaýandyr.
9 Dul hatynlary yzyna boş goýberdiň,
ýetimleri ezdiň.
10 Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar,
duýdansyz gorky seni galagopluga salýar.
11 Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar,
sil gelip, seni gark edýär.
12 Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir?
Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!
13 Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär?
Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?
14 Bulutlar Oňa tutudyr, Ol görüp bilmez,
Ol gök gümmezinde gezýändir“ diýýäň.
15 Pisleriň ýörän
köne ýoluny tutjakmy?
16 Olar wagtyndan öň ýygnaldylar,
düýplerini suw aldy.
17 Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý!
Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“ diýdiler.
18 Şonda-da Hudaý öýlerini bereket bilen doldurdy,
pisleriň maslahaty menden uzakda bolsun!
19 Dogruçyllar pisleriň weýran edilenini görüp begenýär,
bigünä hem olaryň üstünden gülýär.
20 Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi,
galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler.
21 Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol,
şonda haýyr taparsyň.
22 Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe,
sözlerini ýüregiňde sakla.
23 Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň,
etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,
24 altyny topraga,
Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,
25 Gudratygüýçlini öz altynyň,
gymmatbaha kümşüň saýsaň,
26 ine, şonda Gudratygüýçlüden göwnühoş bolarsyň,
Hudaýa ýüz tutarsyň.
27 Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider,
sen hudaýýolularyňy berersiň.
28 Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer,
ýollaryňa nur çaýylar.
29 Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň,
çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
30 Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder,
olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».