12‑nji bap
Eýýup Sopara jogap berýär
1 Eýýup şeýle diýdi:
2 «Siz bar zady bilýänsiňiz,
siz öleniňizde, paýhas-da siz bilen öler!
3 Meniň-de akylym siziňki ýaly,
men-de sizden kem däldirin,
bu zatlary bilmeýän barmy?
4 Öz dostlaryma gülki boldum!
Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi,
dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!
5 Dertsizler betbagtlaryň üstünden gülýärler,
büdreýänleri itip goýberýärler.
6 Garakçylaryň çadyrlary asuda,
Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz,
olar diňe öz güýjüne sygynýandyr.
7 Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler,
guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler.
8 Ýerden sora, saňa öwreder ol,
deňziň balyklary saňa aýdyp bererler.
9 Muny Rebbiň eliniň edendigini
bularyň haýsysy bilýän däldir?
10 Her bir jandaryň jany,
bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.
11 Agzyň tagamy dadyşy deý,
gulagam sözleri seljermezmi?
12 Paýhas garrylarda,
düşünje uzak ömürdedir.
13 Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr,
öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.
14 Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez,
Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.
15 Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar,
iberse-de, dünýäni sil alýar.
16 Gudratam, paýhasam Onuňkydyr,
aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.
17 Ol hökümdarlary kemsidip,
kazylary akmaklara öwürýär.
18 Ol şalaryň guşagyny gowşadyp,
billerine ýüp baglaýar.
19 Ruhanylary kemsidip,
güýçlüleri agdarýar.
20 Ynamly maslahatçylary dymdyryp,
ýaşululary akylyndan mahrum edýär.
21 Şazadalary ile ryswa edýär Ol,
güýçlüleri ýaragsyzlandyrýar.
22 Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar,
tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.
23 Milletleri beýgeldip, yzysüre ýok edýär,
milletleri artdyryp, olary sürgün edýär.
24 Baştutanlary akylyndan azaşdyryp,
ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur.
25 Olar garaňkyda yşyksyz sermeleşip ýörýärler,
olary serhoş kimin entiredýär».