5‑nji bap
Nehemýa garyplara kömek edýär
1 Biraz wagt geçensoň, birtopar adam we olaryň aýallary öz ýahudy doganlaryndan ýaňa ahy-nala etdiler. 2 Käbirleri: «Ogullarymyz we gyzlarymyz bilen biz köplükdiris; diri galarymyz ýaly, bize galla berilsin» diýýärdiler. 3 Käbirleri-de: «Biz açlyk zerarly galla aljak bolup, ýerimizi, öýümizi, üzümçiligimizi girewe goýduk» diýýärdiler. 4 Olaryň: «Biz patyşanyň ekin ýerimize, üzümçiligimize salýan salgydyny tölemek üçin, pul karz aldyk. 5 Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy.
6 Olaryň dady-perýatlaryny we arz-‑şikaýatlaryny eşidenimde, meniň gaty gaharym geldi. 7 Bu zatlar hakda oýlanyp, beglere hem baştutanlara käýedim. Men olara: «Siziň her biriňiz öz halkyňyza göterimine pul berýärsiňiz» diýdim. Onsoň olaryň garşysyna uly jemagaty ýygnap, şeýle diýdim: 8 «Biz ýagdaýymyzyň çatdygyndan, başga milletlere satylan öz ýahudy doganlarymyzy yzyna satyn aldyk. Emma siz hatda öz garyndaşlaryňyzy-da gulçulyga satýarsyňyz; soň biz olary yzyna satyn almaly bolýarys!» Olar dymyp, diýere söz tapmadylar. 9 Onsoň men: «Siziň bu edýän işiňiz gowy däl. Bize duşman bolan milletleriň gyjalatyndan gutulmak üçin, Hudaýymyzyň gorkusynda gezmeli dälmisiňiz?» diýdim. 10 Munuň üstesine-de, men, meniň doganlarym we meniň hyzmatkärlerim hem olara pul we galla karz berýäris. Geliň, şu göterimine zat bermegi bes edeliň. 11 Şu günüň özünde olaryň ekin ýerlerini, üzümçiligini, zeýtun baglaryny, öýlerini, puldan, bugdaýdan, şerapdan we ýagdan alan göterimiňizi olara yzyna gaýdyp beriň. 12 Şonda olar: «Biz edil seniň aýdyşyň ýaly ederis. Bularyň hemmesini yzyna bereris we olardan hiç zat talap etmeris» diýdiler. Onsoň men ruhanylary çagyryp, ähli ýolbaşçylara beren sözlerini berjaý etjekdiklerine ruhanylaryň öňünde ant içirdim. 13 Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi.
Nehemýanyň sahylygy
14 Ýahuda ýurduna häkimlige bellenen günümden, ýagny Artakserks patyşanyň ýigriminji ýylyndan otuz ikinji ýylyna çenli – on iki ýyllap men-de, meniň doganlarym-da häkime mahsus naharlanmadyk. 15 Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak* kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim. 16 Men ähli güýjümi diwaryň gurluşygyna sarp etdim. Özümize ýerem talap etmedim. Hyzmatkärlerimiň hemmesi-de iş üstünde boldular. 17 Saçagymyň başynda bize özge milletlerden gelenlerden başga-da, ýahudylardan we olaryň baştutanlarynda ybarat ýüz elli adam naharlanardy. 18 Her gün nahar üçin bir öküz bilen alty sany semiz goýun soýlardy. Şeýle hem maňa towuklar bişirilip, her on günden dürli şeraplar boldan-bol getirilerdi. Emma men halkyň nähili agyr güzeran görýändigini bilýärdim, şonuň üçinem men häkime berilmeli azyk möçberini talap etmedim. 19 Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!