25‑nji bap
Ybadathana sazandalary
1 Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr: 2 Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar. 3 Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Şimeý*, Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe lira bilen öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar. 4 Heýmanyň ogullary: Bukyýa, Matanýa, Uzyýel, Şebuwal, Ýerimot, Hananýa, Hanany, Eliýata, Gidalty, Romamty Gezer, Ýoşbekaşa, Malloty, Hotyr, Mahazyýot. 5 Şularyň hemmesi patyşanyň görgüri Heýmanyň ogullarydyr. Bu ogullar Hemana ony beýik etmek üçin, Hudaýyň beren wadasy bilen berlipdi. Hudaý oňa on dört ogul bilen üç gyz berdi. 6 Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar. 7 Bular hem-de bularyň Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen garyndaşlarynyň bu işe ussatlary iki ýüz segsen sekiz adamdy. 8 Olaryň uludan-kiçä, halypadan-şägirde çenli bary borçlary üçin bije atdylar. 9 Birinji bije Asafyň neslinden Ýusuba düşdi; ikinji Gedalýa; doganlary we ogullary bilen on iki adam; 10 üçünji Zakura; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 11 dördünji Ýezer*; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 12 bäşinji Netanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 13 altynjy Bukyýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 14 ýedinji Ýesarela*; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 15 sekizinji Ýeşagýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 16 dokuzynjy Matanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 17 onunjy Şimgä; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 18 on birinji Azarel*; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 19 on ikinji Haşabýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 20 on üçünji Şubaýyla; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 21 on dördünji Matytýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 22 on bäşinji Ýerimot; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 23 on altynjy Hananýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 24 on ýedinji Ýoşbekaşa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 25 on sekizinji Hanana; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 26 on dokuzynjy Mallota; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 27 ýigriminji Eliýata; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 28 ýigrimi birinji Hotyra; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 29 ýigrimi ikinji Gidalta; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 30 ýigrimi üçünji Mahazyýota; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 31 ýigrimi dördünji Romamty Gezere düşdi; ogullary we doganlary bilen on iki adam.