20‑nji bap
Dawut Raba galasyny basyp alýar
1 Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, Ammon ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi. 2 Dawut Ammon patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy*, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadan köp mukdarda olja-da aldy. 3 Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip, olary byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlerde goýdy. Ol ammonlylaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.
Piliştlilere garşy söweş
4 Şondan soň Gezerde piliştliler bilen uruş başlady. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sipaý diýen birini öldürdi. Piliştliler boýun egdiler. 5 Piliştliler bilen ýene uruş boldy. Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludyň dogany Lahmyny öldürdi. Lahmynyň naýzasynyň sapy dokmaçynyň tütesi ýaly ýogyndy. 6 Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden elleridir aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy. 7 Ysraýyla sögendigi sebäpli, Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan Rapa neslinden bolan bu adamy öldürdi. 8 Bularyň dördüsi-de Gatyň rapalaryndandylar. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.