16-njy bap
Äht sandygy çadyrda goýulýar
1 Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň niýetläp guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. 2 Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Rebbiň adyndan halka ak pata berdi. 3 Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady.
4 Ysraýyl Hudaýy Rebbe dileg etmek, Oňa öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi. 5 Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – arfa hem lira, Asaf – kimwal çalmalydylar. 6 Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar.
Dawudyň öwgi aýdymy
7 Dawut şol gün Rebbe öwgi aýdymlaryny aýtmagy Asaf bilen onuň garyndaşlaryna tabşyrdy.
8 Rebbe şükür ediň we Oňa ybadat ediň,
halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
9 Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň,
ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
10 Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň;
Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
11 Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň,
dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
12-13 Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady,
Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!
Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny,
mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
14 Ol – Hudaýymyz Reb,
Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
15-16 Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni,
Ybraýym bilen eden ähtini,
Yshaga beren Öz wadasyny
elmydama ýatda saklaň.
17-18 Diýdi: «Men size Kengan ýurduny,
mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».
Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde,
Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
19 Şonda olar az sanlydylar,
gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
20 Geçýärdiler bir milletden başga millete,
bir şalykdan – başga şalyga.
21 Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi,
şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
22 Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň,
pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
23 Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!
Onuň halas edýändigini günsaýyn buşlaň!
24 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny,
ähli halklara – gudratly işlerini.
25 Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp,
biziň seždämize diňe Ol laýyk.
Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
26 Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur,
emma gökleri Reb ýaradandyr.
27 Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat,
Onuň mekanyndadyr şatlyk we kuwwat.
28 Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň,
Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň!
29 Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň,
gurbanlyk getirip, huzuryna giriň.
Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň;
30 eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.
Berk berkarar edildi dünýä,
ol sarsmaz asla.
31 Goý, gökler begensin,
ýer hem şatlansyn.
Milletler: «Reb – Patyşa!» diýsin.
32 Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.
Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.
33 Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde
nagmalar aýdar.
Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.
34 Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky.
35 Ýene-de aýdyň:
«Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et!
Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly,
Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly,
milletleriň arasyndan bizi azat et-de, toplap al.
36 Ysraýyl Hudaýy Rebbe
ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!»
Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.
37-38 Rebbiň Äht sandygynyň öňünde her gün hyzmat etsinler diýip, Dawut Asafy, onuň doganlaryny hem-de Obededomy altmyş sekiz sany dogany bilen goýdy. Ýedutunyň ogly Obededomy Hosa bilen derwezeban edip goýdy. 39 Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky seždegähdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy. 40 Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy. 41 Rebbiň baky söýgüsi üçin Oňa alkyş aýtsynlar diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy. 42 Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy. 43 Soňra ähli halk öýli-öýüne dargady. Dawut hem öz hojalygyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.