10-njy bap
Şawul patyşanyň ölümi
1 Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy. 2 Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler. 3 Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar. 4 Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady. 5 Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap öldi. 6 Şeýdip, Şawul, onuň üç ogly – tutuş maşgala bir günde öldi. 7 Deredäki ähli ysraýyllar goşunyň gaçandygyny, Şawulyň we onuň ogullarynyň ölendigini görüp, öz galalaryny taşlap gaçdylar. Piliştliler gelip, galalary eýelediler. 8 Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagynda Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini tapdylar. 9 Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler. 10 Şawulyň ýaragyny öz buthanalarynda goýdular, kellesini bolsa Dagonyň buthanasyndan asdylar. 11 Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende, 12 onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.