7‑nji bap
Ysakaryň nesilleri
1 Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýaşup we Şimron – jemi dört. 2 Tolanyň ogullary: Uzy, Repaýa, Ýeriýel, Ýahmaý, Ýybsam we Şamuwel. Olar tola urugynyň kowumbaşylarydyr. Dawudyň döwründe olaryň ýigrimi iki müň alty ýüz sany batyr ýigitleri bardy. 3 Uzydan Ýyzrahýa doguldy. Ýyzrahýanyň ogullary: Mikaýyl, Abadýa, Ýowel we Ýişiýa. Uzynyň ogly we agtyklary – jemi bäş; olaryň ählisi-de kowumbaşylardy. 4 Nesil daragtyna görä nesilleriniň otuz alty müň adamly harby güýçleri bardy, çünki olar köp aýally hem-de köp ogullydylar. 5 Ysakaryň ähli nesilleriniň arasynda batyr ýigitler bolan garyndaşlary nesil daragtlaryna görä jemi segsen ýedi müňdi.
Benýaminiň nesilleri
6 Benýaminiň ogullary: Bala, Beker we Ýedigaýel – jemi üç. 7 Balanyň ogullary: Esbon, Uzy, Uzyýel, Ýerimot we Iri – jemi bäş. Bular kowumbaşylar, batyr ýigitlerdir. Olaryň nesil daragtyna görä sany ýigrimi iki müň otuz dörtdi. 8 Bekeriň ogullary: Zemira, Ýogaş, Eligezer, Elýogeýnaý, Omry, Ýeremot, Abyýa, Anatot, Alemet. Şularyň hemmesi Bekeriň ogullarydyr. 9 Nesil daragtyna görä batyr ýigitler bolan kowumbaşylaryň sany ýigrimi müň iki ýüz adamdy. 10 Ýedigaýeliň ogullary: Bilhan. Bilhanyň ogullary: Ýeguş, Benýamin, Ehut, Kenagana, Zetan, Tarşyş we Ahyşahar. 11 Ýedigaýeliň şu ogullarynyň hemmesi kowumbaşylardyr we batyr ýigitlerdir. Olaryň urşa ukyplysy on ýedi müň iki ýüzdi. 12 Iriň ogullary: Şupym, Hupym; Huşym bolsa Aheriň ogludyr.
Naftalynyň nesilleri
13 Naftalynyň ogullary: Ýahsyýel, Guny, Ýezer we Şallum. Şular Bilhanyň nesilleridir.
Manaşanyň nesilleri
14 Manaşanyň ogullary: siriýaly gyrnak aýalyndan doglan Asryýel; Gilgadyň kakasy Makyr hem şondan doguldy. 15 Makyr Hupym bilen Şupymy öýlendirdi. Aýal doganynyň ady Magakady. Ikinjisiniň ady Selophaddy. Onuň diňe gyzlary boldy. 16 Makyryň aýaly Magaka bir ogul dogurdy we onuň adyna Pereş dakdy. Pereşiň inisiniň ady Şereşdi; onuň ogullarynyň ady Ulam hem-de Rekemdi. 17 Ulamdan Bedan doguldy. Manaşanyň agtygy, Makyryň ogly Gilgadyň ogullary şulardyr. 18 Gilgadyň aýal dogany Hammoleketden Yşhot, Abygezer we Mahla doguldy. 19 Şemidanyň ogullary: Ahýan, Şekem, Likhi we Anygam.
Efraýymyň nesilleri
20 Efraýymyň ogly Şutela, Şutelanyň ogly Beret, Berediň ogly Tahat, Tahadyň ogly Elgada, Elgadanyň ogly Tahat, 21 Tahadyň ogly Zabat, Zabadyň ogly Şutela.
Ezer we Elgat Efraýymyň ogullarydy. Ýerli gat halky olary mal sürülerini basyp almaga gelendikleri üçin öldürdi. 22 Kakalary Efraýym ençe günläp olaryň ýasyny tutdy; doganlary oňa göwünlik bermäge geldiler. 23 Efraýym aýalynyň ýanyna girdi. Aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy we onuň adyna Beriga dakdy, sebäbi onuň öýünde betbagtçylyk* bardy. 24 Ýokarky we aşaky Beýthorony hem-de Uzenşeýerany guran onuň gyzy Şeýerady.
25 Repa onuň ogludy. Repadan Reşep, Reşepden Tela, Teladan Tahan, 26 Tahandan Ladan, Ladandan Emihut, Emihutdan Elişama, 27 Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.
28 Efraýymlaryň mülkleri we mesgen tutan ýerleri şulardyr: Beýtel galasy we onuň obalary, gündogarda Nagaran, günbatarda Gezer we onuň obalary, Şekem we onuň obalary, Aýa we onuň obalary. 29 Manaşalaryň çäklerinden: Beýtşeýan galalary bilen, Tagnak galalary bilen, Megido galalary bilen, Dor galalary bilen. Şu galalarda Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullary mesgen tutdular.
Aşeriň nesilleri
30 Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi we Beriga; Sera bularyň aýal doganydy.
31 Beriganyň ogullary: Heber bilen Malkyýel; Malkyýel Birzaýytyň kakasydy.
32 Heberden Ýaplet, Şomer, Hotam hem-de olaryň aýal dogany Şuga doguldy.
33 Ýapletiň ogullary: Pasak, Bimhal we Aşwat. Bular Ýapletiň ogullarydyr.
34 Şemeriň ogullary: Ahy, Rohaga, Huba we Aram.
35 Şemeriň dogany Helemiň* ogullary: Sopa, Ýymna, Şeleş we Amal.
36 Sopanyň ogullary: Suwa, Harneper, Şugal, Beri, Ýymra, 37 Beser, Hot, Şamma, Şilşa, Ýytran we Beýera. 38 Ýeteriň ogullary: Ýepunne, Pispa we Ara.
39 Ulanyň ogullary: Ara, Hannyýel we Risýa.
40 Şularyň hemmesi Aşeriň nesilleridi, kowumbaşylardyr, saýlama batyr ýigitler hem-de begleriň begidir. Olaryň nesil daragtyna görä urşa ukyply ýigrimi alty müň adamy bardy.