22‑nji bap
Dawudyň ýeňiş aýdymy
1 Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:
 
2 «Reb – meniň gaýam, galam hem Halasgärim,
3 Hudaýym – pena edinýän gaýam,
galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
Halasgärim meni zulumdan halas eýleýär!
4 Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn,
hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.
 
5 Ölüm tolkunlary maňa oraldy,
weýrançylyk silleri meni garbady.
6 Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy,
ölüm duzaklary garşymdan çykdy.
7 Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym,
öz Hudaýyma men perýat etdim.
Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi;
Onuň gulagyna perýadym ýetdi.
 
8 Şonda zemin çaýkandy hem endiredi,
ýeriň binýatlary sarsyp, lerzana geldi,
sebäbi Reb gazaba mündi.
 
9 Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan,
ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.
10 Ol gökleri böwsüp, aşaga indi,
zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
11 Ol bir keruba mündi-de, uçdy,
ýeliň ganatlarynda gaýdy.
12 Ol Özüne çadyr edindi tümlügi,
telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni
13 Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa
köreýän közler alawlap tutaşdy.
 
14 Reb göklerde güňleç gürledi,
seslendi Beýik Hudaý.
15 Peýkamlary atyp, pytratdy ýagylaryny,
Ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
16 Şonda Rebbiň käýinjinden,
burnundan çykan deminden ýaňa
deňziň geçelgeleri göründi,
dünýäniň-de binýatlary açyldy.
 
17 Ol belentden ýetdi hem meni aldy
Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
18 Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan,
çünki olar güýçlüdi menden.
19 Olar betbagt günümde garşyma çykdy,
ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
20 Meni giň ýere çykardy hem halas etdi,
çünki Ol menden göwnühoş boldy.
21 Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy,
ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.
22 Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim,
Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.
23 Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary,
özümden daşlaşdyrmadym Onuň parzlaryny.
24 Men kämildim Onuň öňünde,
sakladym özümi günä etmekden.
25 Şonuň üçin, dogrulygyma we päkligime görä,
Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.
 
26 Sadyklyk edýärsiň Sen sadyklara,
kämillik edýärsiň Sen kämillere,
27 päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara,
egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.
28 Pesgöwünli halky halas edýärsiň,
emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.
 
29 Ýa Reb, meniň çyram Sensiň,
Reb ýagtyldýar meň tümlügimi.
30 Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin,
Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.
 
31 Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr,
Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.
32 Çünki Rebden başga Hudaý ýok!
Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
33 Meniň berk galamdyr Hudaý,
kämil ýola atarýar Ol aýypsyz adamy.
34 Ol aýaklarymy keýigiňki dek edýär,
belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.
35 Urşa türgen edýär Ol ellerimi,
gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.
 
36 Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň,
Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
37 Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň,
meniň aýaklarym taýmaýar.
 
38 Duşmanlarymy kowalaýyn, yzlaryndan ýeterin!
olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.
39 Ýer bilen ýegsan etdim, ýaraladym, galyp bilmeýär,
aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.
40 Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň,
garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.
41 Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy,
gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.
42 Töweregine garadylar, olary halas edýän ýok;
Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.
43 Olary tozan dek edip ýençdim,
köçeleriň palçygy kimin mynjyratdym.
 
44 Öz halkymyň garşylygyndan meni halas eýleýäň,
Sen meni milletlere baş edip goýýaň,
tanamadyk halkym tabyndyr maňa.
45 Meni eşiden dessine boýun bolýarlar,
ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.
46 Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär,
olar galalaryndan titreşip çykýar,
 
47 Reb diridir! Meniň gutulyş Gaýam alkyşly bolsun!
Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
48 Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr,
Ol halklary maňa golasty edýär.
49 Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär.
Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň,
hem-de zalymlaryň elinden meni halas edýärsiň.
 
50 Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, ýa Reb!
Seniň adyňa nagma aýdaryn!
51 Öz patyşaňa uly ýeňişler getirýärsiň Sen!
Seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline,
elmydama sadyk söýgüsini görkezýär».