20‑nji bap
Gaçybatalga galalary
1 Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: Men size Musanyň üsti bilen gaçybatalga galalary barada aýdypdym. Şolaryň haýsy galalar bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň. 3 Tötänlikden ýa-da ýalňyşlyk bilen adam öldüren ganhor ol ýere gaçyp, özüni gorap biler. Goý, ol galalar ganhorlar üçin öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolsun. 4 Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler. 5 Eger-de onuň yzyndan öldürileniň hossary ar almak üçin gelse, onda galadaky ýaşulular ganhory onuň eline bermeli däldirler, sebäbi ganhor onuň ýakynyny bilkastlaýyn öldürmändir. Öldüren adamy bilen onuň öň hiç hili duşmançylygy bolmandyr. 6 Jemagat üýşüp, ganhor barada höküm çykarýança we tä şol wagtky baş ruhany ölýänçä, goý, ol şol galada ýaşabersin. Soňra ol gaçyp gaýdan galasyna, öz öýüne dolanyp biler». 7 Şeýlelik bilen, olar Naftaly daglygynda Jelilede Kedeş galasyny, Efraýym daglygynda Şekemi we Ýahuda daglygynda Kirýatarbany (Hebrony) bellediler. 8 Şeýle hem Iordan derýasynyň aňyrsyndan Ýerihonyň gündogarynda olar ruben tiresinden düzlükdäki çölde ýerleşýän Beseri, gat tiresinden Gilgatdaky Ramody, manaşa tiresinden Başandaky Golany bellediler. 9 Bu galalar ähli ysraýyllar we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin gaçybatalga hökmünde bellenildi. Adamy tötänlikde öldüren ganhor şol galalara gaçyp baryp, ondan ar almakçy bolýan hossarlardan başyny gutaryp biler. Jemagat maslahatlaşyp, adalatly höküm çykarýança, ol ganhor şol galada howpsuzlykda ýaşap biler.