17‑nji bap
Günbatardaky manaşa tiresiniň mülk ýeri
1 Şeýle hem, günbatardaky manaşa tiresi üçin bije atyldy. Manaşa Ýusubyň nowbahar ogludy. Manaşanyň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça onuň urugyna Gilgat we Başan berlipdi. 2 Manaşa tiresiniň beýleki uruglarynyň: Abygezeriň, Helegiň, Asryýeliň, Şekemiň, Heperiň we Şemidanyň hem bije boýunça Iordan derýasynyň günbatar tarapynda paýlary bardy. 3 Manaşanyň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selophadyň ogul perzendi ýokdy. Onuň diňe bäş gyzy bolup, olaryň atlary şulardyr: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa. 4 Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa agalarymyzyň uruglary bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem bäş agasynyň uruglarynyň arasynda mülk berdi. 5-6 Şeýlelikde, günbatardaky manaşa tiresine on paý ýer berildi. Sebäbi Manaşanyň gyz gowluklary hem ogul gowluklary bilen birlikde mülk aldylar. Manaşa tiresiniň beýleki uruglaryna Iordan derýasynyň gündogar tarapynda mülk berildi.
7 Manaşa tiresiniň Iordan derýasynyň günbatarynda tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär. 8 Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşa degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşanyň araçäginde ýerleşýärdi. 9 Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşada ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşanyň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar. 10 Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşa degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr. 11 Ysakardan we Aşerden manaşalara obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler. 12 Manaşalar ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler. 13 Ysraýyllar güýçlenenden soňra, kenganlary özleri üçin mejbury iş edýänlere öwürdiler. Emma olary bütinleý kowup çykarmadylar.
Efraýym we manaşa tireleri ýer soraýarlar
14 Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler. 15 Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi. 16 Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler. 17 Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşalara we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir. 18 Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir söweş arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».